bulaşyk

bulaşyk
1) Bulam-bujar bolup giden, çalam-çaş, tertipsiz. (M. Gorkiý, Ene).
∙ Enesi onuň derlän bulaşyk saçlaryny eli bilen sypalaşdyrdy. (M. Gorkiý, Ene)
∙ Jepbar sözleýän wagtynda, bulaşyk kirpikleri dynuwsyz gyrpyldaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Onuň kellesindäki köp wagt bäri daralman, telpek ýaly bolup giden bulaşyk saçlary onuň hyrsyzlygyny has hem güýçlendirýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
2) Aýdyň däl, garym-gatym, garjaşyk, düşnüksiz.
3) Açyk däl, tutuk, bulanyk (howa hakynda).
∙ Ýoksullyk endişesi şeýle bulaşyk ýelli howada maşgalany has-da howsala salýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem bulaşyk - bulaşygy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»